Maksadymyza dogry önümçilik strategiýalary arkaly ýetmek üçin her önüm halk köpçüligine ýetirilimezden ozal halkyň islegini kanagatlandyrmagy ugrunda marketologlarymyz tarapyndan doly öwrenilýär.
Ilkinji önümimizi öndürmegiň tolgundyryjy pursatyna 2016-njy ýylda şaýat bolduk. Ilkinji önümimiz bolan Hoşwagt çigidiniň hilini we tagamyny has hem kämilleşdirmek ugrunda şol günden bäri ençeme işleri alnyp baryldy. Öndürýän önümlerimiziň görnüşlerini bolsa gün-günden artdyryldy.
Döwrebap tilsimatlar we iş şertleri bilen üpjün edilen önümçilik desgamyzda 150 adam zähmet çekýär. Desgamyzda alnyp barylýan işleriň ählisi ýerli we halkara standartlarynyň talaplaryny özünde jemleýär. Desgamyzyň tanyşdyrylyş wideosyna tomaşa ediň.
Ýurdumyzyň alyjylarynyň ýokary bahasyna eýe bolan önümlerimizi daşary ýurtly alyjylara hem hödürledik. Önümlerimiz daşary ýurt dükanlarynda hem öz mynasyp ornuny tapdy. Daşary ýurda eksport etmek arkaly ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna goşant goşmagymyz bizi buýsandyrýar. Biz önümlerimizi häzirki wagtda Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, BAE we Owganystana eksport edýäris.
Uzbekistan
Kazakhstan
Kyrgyzstan
Afghanistan
Dubai
Önümlerimiziň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde goýberilen reklamalaryna şu ýerden tomaşa edip bilersiňiz. Hoşwagt tarapyndan öndürilýän önümler baradaky täzeliklerden reklamalar arkaly habardar boluň.